Nebit Eýrandan eksportyň artýanlygy üçin arzanlamagyny dowam edýär

Eýrandan eksportyň artmagy hem-de ABŞ-da buraw desgalarynyň sanynyň artmagy bilen baglylykda nebitiň dünýä boýunça bahalary duşenbe güni aşak düşmegini dowam etdi, diýip РИА Новости habar berýär.

Moskwa wagty bilen 12:33-e çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň martdaky fýuçersleriniň bahasy 1,45 göterim aşaklap – barel üçin 56,26 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 1,37 göterim aşaklap – barrel üçin 53,25 dollara barabar boldy.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, treýderleriň aýtmagyna görä bahalaryň arzanlamagyna OPEC ýurtlarynyň eksporty azaldýan wagty Eýrandan eksportyň ýokarlanmagy sebäp boldy. Eýran 2016-njy ýylyň soňky aýlarynda 13 million barrelden gowrak nebit satdy. Şeýle etmek bilen ol ýüzüp ýören ammarlarynda saklanylýan nebitiň möçberini 16,4 million barrele ýetirdi.

OPEC 30-njy ýanwarda Wenada geçirilen mejlisinde nebitiň çykarylyşyny günde 1,2 million barrele çenli çäklendirip – 32,5 million barrele ýetirmegi ylalaşdy. OPEC-e girmeýän döwletler 10-njy dekabrda nebitiň çykarylyşyny günde 558 müň barrel möçberde, şol sanda Russiýa – 300 müň barrel möçberde çäklendirmegi ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň buraw enjamlaryň artýandygy baradaky berýän maglumatlary hem nebitiň bahalaryny dartgynlylykda saklamagy dowam edýär. 6-njy ýanwarda tamamlanan iş hepdesiniň netijeleri boýunça olaryň sany 1,06 göterim artyp 665 birlige ýetdi. Ýyllyk aňlatmada bu görkeziji 0,15 göterim ýokarlandy. Nebit buraw desgalarynyň sany 0,76 göterim ýokarlanyp 529-a, gaz çykarýan desgalaryň sany 2,27 göterim artyp 135-e ýetdi.

Amerikan kompaniýalary nebitiň bahalarynyň heniz olara girdejilerini üýtgedip bilmek derejesinde galýandygy sebäpli, eýýäm onunjy hepde bäri buraw desgalarynyň sanyny artdyrmagyny dowam edýär, diýip Reuters belleýär. «Heniz treýderleriň nebit öndürijileriň çykarýan möçberlerini hakykatdan hem çäklendirýändigine ynamlary bolýança nebitiň bahalary ýokarlanmaz. Şol bir wagtda buraw işjeňliginiň ýokarlanmagy, netijede bolsa ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň artmagy nebitiň bahalarynyň özmegini saklar» diýip ANZ-niň bilermenleri agentlige gürrüň berdiler.

Meňzeş täzelikler
2014