Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň çagalary üçin Täze ýyl konserti geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýaşaýyş jaýynyň meýdançasynda ýerleşdirilen Täze ýyl arçasynda «Täze ýyl – hoş umytlaryň we arzuwlaryň ýyly» atly baýramçylyk çykyşy geçirildi. bu çäre nebitgaz toplumynyň Kärdeşler arkalaşyklary, ýaşaýyş-kommunal hojalyk kärhanalary we «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gurnaldy.

Täze çyl dabarasynyň çäklerinde «Nebitgaz» ÝGPJ-niň medeni-işewürlik merkeziniň artistleri ýörite konsert bilen çykyş etdiler. Hususan-da, estrada ýyldyzlary Ogulgerek Gurbanowa, Töre Şabasanow, Myrat Aşyrow we Gözel Annamuhammedowa baýramçylyk çykyşlary bilen bu ýere gelenleri begendirdiler.

Şeýle hem Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýaş zehinleriniň ýerine ýetirmeginde şadyýan we ruhubelent aýdymlar ýaňlandy.

Baýramçylyk dabarasynyň has körpe myhmanlaryna A.S.Puşkin adyndaky teatryň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda çykyşlar ýatda galdy.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda ony gurnaýjylar ähli adamlary Täze ýyl bilen gutladylar we çagalara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurdylar.

Meňzeş täzelikler

2014