Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna garaldy.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň işiniň  netijeliligini artdyrmak maksady bilen onuň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nebitgaz desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak konserniň esasy ugry bolar. Raýat maksatly desgalar barada aýdylanda bolsa, olar degişli şertnama baglaşylanda potratçy edaralar tarapyndan bina edilmelidir. Mundan başga-da, “Türkmenturba” zawodyny açyk paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň  maksatnamalaryny  yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Olar toplumyň senagat we eksport kuwwatyny berkitmäge, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp düzmeleri ornaşdyrmagyň, işjeň maýa goýum syýasatynyň esasynda pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Wise-premýere dünýä tejribesinde kabul edilen kadalary, halkara ölçeglerini ornaşdyrmagyň esasynda nebitgaz pudagynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda, şol sanda nebitgaz gurluşygy babatda ýöriteleşdirilen kärhanalarda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermek hem-de önümçilik-ykdysady görkezijileri durnukly artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklary kesgitlemek barada tabşyryk berdi.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak meselesi bolup, olar Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurulýan, utgaşykly dolanyşykda hereket etjek, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynda işlärler. Şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek, hususy kärhanalaryň harytlary eksport etmäge şertnamalaryny resmileşdirmegiň amallarynyň ýönekeýleşdirilmek ýaly meselelere garaldy. Bu çäre söwda hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynda öndürilýän önümleri täze bazarlarda ýerlemäge çykarmaga ýardam eder.

Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezini hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezini açmaga görülýän taýýarlyk, şeýle hem Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habarlar berildi.

Mejlisde atçylygy has-da ösdürmek we dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň katalogyny—olaryň gazanan üstünliklerini, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary görkezmek bilen, arassa ganly ahalteke bedewleriniň, dünýä atşynaslygynyň has görnükli wekilleriniň saýlama tohumlarynyň jikme-jik sanawyny düzüp, owadan hem-de esasly nesil daragtyny döredip başlamalydygy barada tabşyryk berdi.

Ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” täsin medeni gymmatlykdyr hem-de türkmen halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ahalteke bedewlerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin UNESKO ýüzlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny görkezdi. Şeýle hem döwlet Başltutanymyz ahalteke atçylyk ulgamynda netijeli işleri alyp barmak üçin ylmy-barlag merkezini ýa-da ýokary okuw mekdebini açmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.

Mejlisiň barşynda 15-16-njy martda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine boljak döwlet saparynyň maksatnamasyna seredildi. Bu saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Özbegistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda  Amyderýanyň üstünden geçýän iki köpriniň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz bu şanly wakanyň taryhy häsiýete eýedigini nygtap, şol günüň Ulaglar ulgamynyň işgärleriniň güni hökmünde bellenilip geçilse, maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Dabaralaryň geçen ýerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň subutnamasy bolan taryhy senäni ebedileşdirmek maksady bilen ýadygärlik nyşanlary oturdylar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014