15-16-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar döwletine döwlet sapary meýilleşdirildi

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katara gider. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde boljak saparyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen nobatdaky türkmen-katar gepleşikleriniň möhümligini nygtap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna sapary ýokary derejede gurnamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Syýasy, söwda-ykdysady, energetiki we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri Türkmenistanyň hem-de Kataryň DIM-leriniň arasyndaky 2017-nji ýylyň 26-27-nji fewralynda Dohada geçirilen syýasy gepleşikleriň çäklerinde maslahatlaşyldy.

2016-njy ýylyň noýabrynda Kataryň paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň ikinji mejlisinde ýangyç-energetika toplumynda, maliýe-bank we söwda-ykdysady ulgamlarda, senagatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň şeýhler maşgalasyndan bolan «Faýsal» kompaniýasynyň ýolbaşçysy şeýh Faýsal Bin Naser Al Tani bilen 2016-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.

2016-njy ýylda döwlet Baştutanymyz Kataryň işewür wekillerini Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň oktýabrynda Katara bolan we 2016-njy ýylyň martynda Kataryň emiriniň Türkmenistana bolan resmi saparlarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine täzeçe itergi berdi.

Martdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumy. Şol sanda, maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki ýurduň maliýe ministrlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda hökümetara Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistan tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdäki dörtlüge girýär. Mysal üçin, «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň ätiýaçlyk gorlary 26,2 trillion kub metr gaza barabardyr. Häzirki wagtda 33 milliard kub metr gazy Owganystana, Pakistan we Hindistan ibermek üçin TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy alnyp barylýar.turba geçirijiniň geçjek ugry boýunça barlag işleri ýakynda Owganystanda we Pakistanda başlandy.

Meňzeş täzelikler

2014