Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, iki günlük döwlet sapary bilen Katar döwletine geldi. Dohada Emiriň Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda türkmen-katar gepleşikleri geçirildi. Ilkibaşda iki ýurduň döwlet Baştutanlary iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra bolsa olar «ýüzbe-ýüz» ýagdaýda duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.

Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň giň ulgamy boýunça pikir alşyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani dürli ugurlarda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmagyň anyk ýörelgelerini kesgitlediler.

Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşiklerde çykyş edip, Türkmenistanyň we Katar döwletiniň haryt dolanyşygynyň hem-de hyzmat görnüşleriniň möçberini artdyrmak, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtdy.

Gepleşiklerde ýurtlaryň ikisinde hem yzygiderli söwda sergileriniň hem-de işewürler maslahatlarynyň we Türkmenistanda hem-de Katarda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen bazar satuwynyň geçirilmeginiň, iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerine garalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň öňüsyrasynda geçirilen ilkinji türkmen-katar işewürler maslahatynyň netijeleri nygtaldy. Bu maslahatyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem iki ýurduň döwlet we maliýe düzümleriniň, iri kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy barada aýdyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistandaky sebit ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak boýunça, şeýle hem Kataryň innowasiýa taslamalaryna maýa goýum boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

Kataryň kompaniýalary Türkmenistanyň çäklerinde gazy gaýtadan işlemek boýunça zawodyň, nebithimiýasy we gazhimiýasy zawodlarynyň döredilmegine, Hazar deňziniň türkmen kenarynda amala aşyrylýan taslamalara, şeýle hem nebitgaz toplumy üçin enjamlar goýmaga gatnaşmaga çagyryldy.

Gepleşikleriň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmekde özara düşünişmek barada Ähtnama bar. Hökümetara derejesinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça we standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikasiýa we hasaba alyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada ähtnamalar kabul edildi.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdirligi özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ýene bir resminama ekologiýa ugruna degişli bolup, ol bioköpdürlülik we janly tebigaty goramak boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamadyr.

Meňzeş täzelikler

2014