Hazarýaka döwletleriniň wekilleri Aşgabatda Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlyk meselelerini ara alnyp maslahatlaşýarlar

Aşgabatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyry geçirilýär. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Gepleşiklere Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri geldiler. Duşuşygyň barşynda deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň dolandyryjy işgärleriniň hem-de ýolagçylarynyň ömrüni we saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek ýaly ýokarda ady agzalan Teswirnamanyň möhüm wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Çarşenbe güni başlanan iki günlük mejlisiň dowamynda taraplar deňiz gämileriniň gurluşlary üçin bellenilen talaplaryň, kadalaryň we standartlaryň hem-de olaryň üpjünçiliginiň berjaý edilişine, şeýle hem ekipažyň hünär başarnygyna we ulanylyşyna degişli meseleleri maslahatlaşarlar» diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda aýdylýar.

Şeýle hem taraplar deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramak, deňiz menzillerinde gözegçilik etmek, heläkçilikleri derňemek, deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalary bolan ýerasty geçirijileriň dürli görnüşleriniň, buraw desgalarynyň we beýlekileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014