Kataryň Maýa goýum edarasy bilen gatnaşyklaryň geljegi maslahatlaşyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani bilen duşuşdy.

TDH döwlet agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýörelgeleri esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalary nazara almak bilen Kataryň Maýa goýum edarasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän iki ýurt üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika ulgamy, ýokary tehnologiýaly nebit we gazhimiýa önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başyny başlaýan, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalaryň maýa goýum ulgamynda netijeli gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça halkara energiýa taslamasy bar. Meşhur daşary ýurt kompaniýalary Aziýanyň ösüş banky ýaly abraýly halkara düzümiň gatnaşmagynda maliýeleşdirilýän bu giň möçberli taslama uly gyzyklanma bildirýärler.

«Galkynyş» iri gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek, Hazaryň türkmen ýalpaklygynda ýangyç serişdelerini işläp geçmek boýunça taslamalaryň hem hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly hasaplanylýar.

Ulag ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, bu babatda halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda ozal gol çekilen Ylalaşygy nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu geçelge Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny öz aralarynda baglanyşdyryp, sebitara we kontinental ähmiýetli multimodal ulag düzüminiň möhüm bölegi bolmalydyr.

Duşuşygyň barşynda Katar Döwletiniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Meňzeş täzelikler

2014