Hazarýaka döwletleriniň wekilleri «Awazada» Hazar deňzinde durnukly ösüş we dolandyryş meselelerini maslahatlaşdylar

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly on günlük halkara okuw maslahaty öz işini tamamlady. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Ol ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy.

Okuw maslahaty Daşary işler ministrliginiň, nebitgaz ulgamynyň, gidrometeorologiýanyň, balyk hojalygynyň, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, deňiz ulaglary ulgamlarynyň, serhet gullugynyň hem-de birnäçe beýleki düzümleriň wekilleri üçin gurnaldy.

Okuwlary BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda — ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynda (IOC UNESCO), BMG-niň Ösüş maksatnamasynda, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň we Hazar ekologiýa maksatnamasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynda iş tejribesi bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri alyp bardylar.

Diňleýjiler adamzadyň umumy mirasy bolan dünýä ummanynyň Konsepsiýasy, BMG-niň Deňiz hukugy baradaky Konsepsiýasy, Halkara ummanlar institutynyň hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasynyň işleri bilen tanyşdylar. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna aýratyn üns berildi. Hazarýaka döwletleri, dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly, häzir olary milli meýilnamalara we maksatnamalara laýyk getirmegiň üstünde işjeň iş alyp barýarlar.

Hazar deňziniň gurşawyny hem-de balyk gorlaryny goramak maksady bilen, nebit we gaz serişdeleri gözlenilende we ulanylanda, gämi gatnawlary düzgünleşdirilende eýerilýän halkara hukuk kadalaryna syn berildi.

Mundan başga-da, deňiz ekoulgamlary, howanyň üýtgemeginiň deňiz gurşawyna täsiri, deňziň bioköpdürlüligi, adamyň hojalyk işleriniň daşky gurşawa täsir edişine, deňiz giňişliginiň meýilleşdirilişine baha bermegiň häzirki zaman usullary öwrenildi.

Hazar deňziniň kenarýakasyna ýörite mejlis bagyşlanyldy, onuň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, Hazar döwlet goraghanasynyň infrastrukturasy hem-de onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak maksady bilen ýörite gezelençler gurnaldy.

Meýdany 170 gektar bolan bu ada gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň hem-de guşlaryň beýleki görnüşleriniň mesgen tutjak, höwürtgelejek we gyşlajak ýerine öwrülen taslama diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi.

Okuw maslahatynyň ahyrynda diňleýjiler birnäçe barlag tanyşdyrylyşyny taýýarladylar. Olaryň biri «Ulag geçelgelerini ösdürmegiň, Hazar sebitinde nebit we gaz geçirijilerini gurmagyň geljegi» ýaly möhüm meselä bagyşlanyldy.

Ikinji tanyşdyrylyş hem BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibine» degişli boldy. Oňa ilkinji gezek tutuş adamzadyň abadançylygy üçin örän möhüm bolan «Durnukly ösüşiň bähbitlerine ummanlaryň, deňizleriň hem-de deňiz serişdeleriniň goralyp saklanmagy we oýlanyşykly peýdalanylmagy» ýaly maksat girizildi. Hazarýaka ýurtlarynyň bu maksadyň ýetilmegine goşup biljek goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynda çykyş edip, «Hazar bilim maksatnamasynyň» uly amaly ähmiýeti barada aýtdylar. Bu ýere ýygnananlar iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kenarýaka ýurtlaryň döwlet düzümleriniň wekilleriniň gatnaşyk etmekleriniň täze görnüşlerini döretmek maksatlary bilen, şeýle çäreleri geçirmek işini dowam etmek babatda bir pikirlerini aýtdylar. 

Meňzeş täzelikler

2014