«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

Ýaňy-ýakynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň 2017-nji ýyldaky ilkinji sany çap edildi.

Žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ruhyýet kögünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşyna bagyşlanypdyr.

Bu neşirde hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyndaky «Ymamnazar» terminalanyň we demirýol ulag geçelgesiniň açylyş dabarasyna gatnaşandygy, Balkan we Ahal welaýatlaryna amala aşyran iş saparlary we Energetiki hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusak bilen duşuşygy baradaky «Nebitgaz pudagy: taryhy pursatlar» atly makala ýerleşdirilipdir.

Şeýle-de žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň düzüm birlikleriniň, hususan-da «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 2016-njy ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jikme-jik beýan edilýär.

«Türkmenistan 2017-nji ýylda Energetiki hartiýasynyň konferensiýasyna başlyklyk eder» atly makalada Türkmenistanyň 2017-nji ýylda bu abraýly guramanyň konferensiýasyna başlyklyk etjekdigi barada buýsançly bellenilýär.

Mundan başga-da, žurnalyň täze sanynda «Demirgazyk Goturdepe – Hazar ýalpaklygynyň hazynasy», «Elektron resminamalaryň dolanyşygynda maglumatlary goramak», «Türkmen nebitçileriniň innowasion çözgütleri», ««Türkmennebitönümleri» baş müdirligi: ösüş mümkinçilikleri» atly makalalar çap edilipdir.

Meňzeş täzelikler

2014