Türkmenistanda dynç güni 19-njy martdan 20-nji marta geçirilýär

21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramynyň giňden bellenip geçilmegi mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martdaky dynç gününi 20-nji martdaky duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi. 19-njy martyň iş tertibi duşenbe gününiň iş tertibine laýyklykda alnyp barlar.

Şeýlelikde türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny üç günüň dowamynda giňden we dabaraly bellemäge mümkinçilik alarlar. Permanda bellenilişi ýaly, dynç gününiň geçirilmegi «Milli bahar baýramyny dabaraly bellemeklige we ýurduň ilatynyň oňat dynç almagyny gazanmaklyga gönükdirilendir».

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara bu resminamany berjaý etmek tabşyryldy.

Meňzeş täzelikler

2014