Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Hususan-da, Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň 2023-nji ýyla çenli döwür üçin baş ýörelgesiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminama ýurdumyzyň baý mineral serişdelerini toplumlaýyn we rejeli ulanmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek maksady bilen işlenip taýýarlanylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçiriljek işleriň ähmiýetini belläp, Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýasyny çekmek arkaly ykdysadyýeti işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini hem-de daşary ýurt maýalarynyň gelmegine ýardam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi içerki sarp edijiler bazaryny önümler bilen birkemsiz üpjün etmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga, sebitleriň okgunly ösmegine ýardam eder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy meselelerine ünsi çekdi, bu strategiýa ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmagyň,  toplumyň senagat düzümini giňeltmegiň, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdelerini netijeli durmuşa geçirmegiň, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň esasynda ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ulgamda öňde goýlan ähli wezipelere oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda Aşgabat–Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy  barada habar berildi. Bu ýoluň ugrunda 7 sany giriş-çykyş nokatlary göz öňünde tutulyp, ýangyç guýujy beketleri, dynç alyş merkezlerini, dükanlary, restoranlary, açyk we ýapyk görnüşli awtoduralgalary, myhmanhanalary, hyzmat ediş bölümlerini, Garagum derýasynyň we demir ýolunyň üstünden geçýän awtomobil köprülerini, sil-suw akabalaryny we beýlekileri  gurmak meýilleşdirilýär.

Sarahsda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Köpri  bir gije-gündiziň dowamynda 2 müňe çenli awtoulag geçirmäge ukyplydyr. Umumy uzynlygy 105 kilometr bolan Tejen-Sarahs awtomobil ýoluny düýpli abatlamak işleri hem alnyp barylýar. Bu  awtomobil köprüsiniň gurulmagynyň goňşy döwletleriň-Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de halkara ulag gatnawlaryny artdyrmaga ýardam berer.

Hökümet maslahatynyň gün tertibine girizilen beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň elektron pudagyny döretmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Bütindünýä saglyk gününe taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler boldy. Bu senäniň hormatyna her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýie-sport we medeni-sagaldyş çäreleri guralýar. Şu ýyl şanly sene mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” sport toplumynyň açylyş dabarasy we “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly maslahat we sergi geçiriler.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda”, “Türkmenhowaýollary”  döwlet milli gullugyny “Türkmenhowaýollary” gullugy diýlip atlandyrmak hakynda”,

“Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda”  Permanlara gol çekdi. Ady agzalan sene her ýylyň 7-nji martynda belleniler.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Meňzeş täzelikler

2014