Maý aýyna çenli TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça taslama-smeta resminamalaryny taýýarlamak tamamlanar

Apreliň ahyryna çenli Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistandan geçýän 214 kilometrlik bölegini gurmak boýunça ýerine ýetirilmeli ähli işleriň taslama-smeta resminamalaryny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu işi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinženerçilik we gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirýär.

Häzirki wagta çenli TOPH döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde müdirligiň hünärmenleri tarapyndan geljekki gaz ulag ulgamynyň 73 kilometriniň resminamalary taýýarlanyldy.

Hususan-da, geljekki infrastruktura desgalarynyň guruljak meýdançalary saýlanyp alyndy, şol meýdançalara barýan inžener kommunikasiýalary — gaz turbalary, suw ulgamlary, elektrik togy, ulanyş ýollary we beýleki ýerüsti kömekçi meýdançalar taslamalaşdyrylýar.

«Türkmengaz» DK-nyň düzüminde mundan bir ýyldan gowrak wagt öň döredilen «Türkmengazinženerçilik we gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleriniň öňünde önümçilik we tehnologik desgalary, magistral gaz geçirijilerini, işläp düzmek, taslama-gözleg, geodeziki, inžener-gözleg işlerini geçirmeklik ýaly wezipeler goýuldy.

Meňzeş täzelikler

2014