«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ABŞ-nyň üns merkezinde — ilçi

ABŞ «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklaýar. Waşington bu taslamany yzygiderli we durnukly goldaýar. Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň habar berşi ýaly, bu barada ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ilçisi Robert Sekuta energetika ministri Natig Aliýew bilen duşuşygynda aýtdy, diýip Trend agentligi ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar maý aýynyň başynda geçiriljek ofşor tehnologiýalary boýunça Hýuston konferensiýasyny, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini, energetika howpsuzlyk meselelerini we dünýäniň energetika bazaryndaky ýagdaýy maslahatlaşdylar.

Sekuta şeýle hem «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen gyzyklandy. Natig Aliýew «Şah Deňiz-2» taslamasy, Günortakawkaz turbageçirijisini giňeltmek we TANAP gaz geçirijisini gurmak boýunça işleriň kanagatlanarly derejededigini belledi, şeýle hem «Günorta gaz geçelgesiniň» işe girizilmek wagtyna täsirini ýetirip biljek Italiýanyň çägindäki TAP taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly käbir kynçylyklar babatda biynjalyklyk bildirdi.

Ministr Italiýanyň ykdysady ösüş ministri Karlo Kalendanyň TAP taslamasy boýunça garaýşyna ýokary baha berdi we «Günorta gaz geçelgesi» boýunça üçünji Maslahat Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmeginiň işleriň depginini ýokarlandyrmaga we ilerletmäge täzeçe itergi berendigini nygtady.

Öň habar berlişi ýaly, «Günorta gaz geçelgesi» ÝB üçin geljegi uly taslamalaryň biri bolmak bilen, tebigy gazy Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýylda 10 mlrd kub metr azerbaýjan gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar. Has soňrakky tapgyrlarda taslama başga çeşmeleriň hem birikdirilmegi mümkin.

2016-njy ýylyň martynda Ýewrokomissiýanyň energetika meseleleri boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trend agentligine beren interwýusynda «Häzirki wagtda Ýewrokomissiýa Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa hem-de Türkmenistan bilen birlikde türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň ýollary işläp düzmegiň, şeýle hem, munuň üçin Günorta gaz geçelgesini ulanmagyň mümkinçilikleriniň üstünde işleýärler» diýip belledi.

Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti sözüniň arasynda, Aşgabat jarnamasynyň esasynda türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň ýollaryny hem-de bu meseläniň hukuk we ykdysady taraplarynyň çözgütlerini işläp düzjek iş toparynyň döredilendigini ýatlap geçdi.

Tebigy gazyň ätiýaçlyklary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär we ony satmak üçin täze bazarlary gözleýär.

Meňzeş täzelikler

2014