Döwletabat-Şatlyk gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň abatlaýyş işleri dowam edýär

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň işgärleri Şatlyk önümçilik edarasynyň çägindäki Döwletabat-Şatlyk gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň birinji kilometrliginden 128-nji kilometrligine çenli aralygynda göwrümi 1420 millimetr bolan turbalary düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirýärler.

Abatlaýyş işleri «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň  buýurmasy esasynda amala aşyrylýar. Bu günki güne çenli 13 müň 800 metrden gowrak turba çalşyldy. Şeýle hem gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň abatlanan böleginde suw barlag işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň işgärleri Şatlyk önümçilik edarasynyň çägindäki Döwletabat-Derýalyk (Şatlyk-Garagum) gaz geçirijisiniň birinji şahasynyň 1-nji kilometriniň 67-nji kilometrine çenli aralykda hem göwrümi 1420 millimetr bolan turbalary düýpli abatlamak işlerini giň gerimde alyp barýarlar. Häzirki wagtda turbalaryň 16 kilometrinde kebşirleme işleri tamamlanyldy. Işgärler jemi 43 million manatlyk gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirdiler.

Meňzeş täzelikler

2014