Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaş alymlaryň geňeşi döredildi

Türkmenistanyň halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaş alymlar geňeşi döredildi. Onuň esasy maksady ýaş alymlaryň arasynda ylmy-barlag işlerini gurnamak we zehinli ýaşlary ylmy işe çekmek bolup durýar.

Ýaş alymlar geňeşi öz işini «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky», «Innowasion işjeňlik hakyndaky», «Oýlap tapyşlar we senagat modelleri hakyndaky», «Ylmy edaralar hakyndaky», «Ylmy-tehnologik parklar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanda ylmy hünärmenleri taýýarlamak boýunça Maksatnama», «2015-2020-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty hakynda döwlet maksatnamasy», «Bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasy», şeýle hem ýurduň beýleki kanunçylyk resminamalarynyň esasynda alyp barýar.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň düzüm bölümleri, aspirantlary, diňleýjileri, ylmy işgärleri we talyplary Ýaş alymlar geňeşiniň düzgünnamasyna laýyklykda kesgitlenen düzgünleri we kadalary gyşarnyksyz berjaý edýärler.

Häzirki wagtda Ýaş alymlar geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda geçirilýän Ýaş alymlaryň bäsleşigine dürli temalar boýunça ylmy işleriň 120-den gowragyny tabşyrdy.

Ýaş alymlar geňeşi türkmen jemgyýetiniň döwrebap bilimli ýaş nesliniň kemala gelmegine möhüm goşant goşar.

Meňzeş täzelikler

2014