Maýda Aşgabatda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça Energetika Hartiýasynyň forumy geçiriler

30-31-nji maýda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly Forum geçiriler. Foruma taýýarlyk görmegiň meseleleri 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara çärelerini geçirmek baradaky Guramaçylyk toparynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň bar bolan gurallaryny kämilleşdirmek, döwletler hem-de halkara guramalar tarapyndan bu ulgamda toplanylan häzirki zamanyň halkara hukugynyň we tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalary esasynda energetika serişdelerini üstaşyr ibermek meseleleri boýunça köptaraply Çarçuwaly ylalaşygy işläp taýýarlamagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, forumyň maksatnamasyna «Tebigy gazyň serhetüsti ugradylmagy we üstaşyr iberilmegi», «Ählumumy energetika howpsuzlygynda suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) artýan orny», «Nebitiň dünýä bazarlaryna iberlişi», «Elektroenergiýanyň serhetüsti söwdasy we durnukly ösüş» diýen mejlisleri goşmak göz öňünde tutulýar. Şol günler Aşgabatda Halkara energetika media-forumy geçiriler.

Ýokary derejeli wekilçilikli maslahat ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan Bütindünýä energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek ýaly strategik taýdan möhüm ugurda halkara gepleşiklerini dowam etmäge gönükdirilendir.

Bu günki gün energiýa serişdelerini öndürmeklige, şeýle hem olary ahyrky sarp edijilere ugratmaklygy öz içine alýan ählumumy we bölünmeýän energetiki howpsuzlygy üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şular ýaly toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň özeninde durýar.

Mundan başga-da, 31-nji maýda Halkara energetika media-forum, şonuň bilen birlikde bolsa energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň 5-nji halkara duşuşygy geçiriler. 1-2-nji iýunda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň her ýyl geçirilýän okuw maslahaty bolar.

Meňzeş täzelikler

2014