Gazagystan OPEC-iň nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygyny bozdy

Gazagystan nebitiň çykarylyşyny günde 20 müň barrele çenli çäklendirmek boýunça borçnamasyny bozup, oňa derek nebitiň çykarylyşyny oktýabr aýyndan bäri 80 müň barrele çenli artdyrdy. Bu barada Halkara energetika agentliginiň mart aýy boýunça hasabatynda aýdylýar, diýip Nebitgaz maglumatlary agentligi habar berýär.

Soňky resmi maglumatlara laýyklykda, ýanwar-fewral aýlarynda Gazagystan nebitiň we kondensatyň çykarylyşyny 40 müň barrel — günde 1,7 million barrele çenli artdyrdy. Möçberiň artmagy Kaşaganyň hasabyna şertlenendir. Kaşagan işe girizilenenine bäş aý geçenden soňra günde 170 müň barrele geçdi. Garaşylyşy ýaly, ýylyň ortasyna çenli bu känden nebitiň çykarylyşy 180 müň barrele ýeter, soňra 2018-nji ýylda bolsa günde 360 müň barrele çenli ýokarlanar.

Şeýle hem Tengizde nebitiň çykarylyşy artdy. Soňky ýokarlanyşy nazara alsaň, Gazagystanda nebitiň çykarylyşy fewral aýynda günde 1,8 million barrele ýetdi. Bu görkeziji oktýabrdaky çaklamadan 78 müň barrel artykdyr.

«Gazagystan önümçiligini günde 20 müň barrele çenli çäklendirmäge söz berdi, ýöne Kaşaganyň, Tengiziň we Garaçaganagyň bu çäklendirmeden boşadyljakdygyny aýtdy» — diýlip hasabatda aýdylýar.

2016-njy ýylyň dekabrynda Gazagystan Wenada 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda nebitiň çykarylyşynyň günde 1,7 million barrel derejede doňdurjakdygyny yglan etdi. Bu görkeziji 2016-njy ýylyň noýabryndaky «başlangyç» görkezijiden günde 20 müň barrel azdyr, diýip Sputnik habar berýär.

Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, Astana noýabrdaky çykarylyş bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar aýynda nebitiň çykarylyşyny günde 30 müň barrelden gowrak azaldyp, öz borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdi. Şunlukda, ylalaşyga goşulan döwletleriň 95 göterimi öz borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu bolsa nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi.

Meňzeş täzelikler

2014