Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda nebitgaz we himiýa pudagy görkezildi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Aşgabat şäherinde geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de iki ýurt üçin ileri tutulýan ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we himiýa pudaklary türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar möhüm taslamalaryň birnäçesini, hususan-da, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gurluşyk we ulag-aragatnaşyk, metallurgiýa, maşyngurluşyk ulgamlarynda, oba hojalygynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyga, şol sanda iki ýurduň milli olimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň hem-de jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle hem şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň, beýleki iri sport çärelerini, okuw maslahatlaryny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň mejlisi tamamlanandan soň, Teswirnama hem-de beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň indiki mejlisini 2018-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Meňzeş täzelikler

2014