Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde energetika ulgamy kesgitlenildi

Energetika Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen türkmen-gazak gepleşikleriniň dowamynda aýtdy.

Türkmen Lideri 2009-njy ýylda gurlan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini mysal hökmünde görkezdi. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişligindäki energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde has-da ähmiýetlidir. Hususan-da, ol Gazagystan üçin gazak gazyny Hytaýa ibermekde, öz çäginden energiýa göterijileri üstaşyr geçirip, girdeji gazanmakda täze mümkinçilikleri döredýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly şu we beýleki energetika taslamalaryny öňe sürmek bilen, Türkmenistan goňşy ýurtlaryň yklymda täze energiýa geçirijiler ulgamyna goşulyşmak zerurlygy hökmünde düşünýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Gazagystanyň bu ulgamdaky ýurdumyzyň başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky degişli Kararnamalaryna awtordaş bolup çykyş etmegi ähmiýetli waka bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014