Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Nursultan Nazarbaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Bilelikdäki Beýannama, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de Türkmen-gazak döwlet serhedinde demarkirlemek işlerini geçirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekdiler.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gizlin maglumatlary özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Aşgabat şäheri bilen Astana şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Aşgabat şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Astana şäheriniň akimatynyň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Telekeçileriniň «Atameken» milli edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Ikitaraplaýyn resminamalara Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «Kazinform» halkara habarlar agentligi» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiniň arasyndaky Ähtnama hem goşuldy.

Meňzeş täzelikler

2014