Türkmenistan ulag ulgamynda sebitara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär

Astanada döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň sazlaşykly ykdysady ösüşinde, olaryň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmakda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär, diýip hasaplaýar.

Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşiklerinde çykyş etmek bilen, Türkmen Lideri Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demir ýoluň gurluşygyny onuň aýdyň netijeleriniň biri hökmünde görkezdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ýol Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döreder.

Ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklary Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ösüşiniň möhüm ugry, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklary, ykdysady taýdan utgaşdyrmagyň baş şerti bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Prezidentiň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Ýewraziýanyň yklymlaýyn ugurlarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmegi ulag ulgamyndaky taslamalarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmagyň, sebitleýin we yklymlaýyn ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşmagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Öň habar berlişi ýaly, 2014-nji ýylda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly gurlup ulanylmaga berildi.

Deslapky hasaplamalara görä, bu ýol ýylda 10-12 million tonna ýüküň daşalmagyny üpjün etmäge ukyplydyr. Ýu söwda ýoly boýunça ýükler Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Hindi ummanyna, Ýewropa päsgelçiliksiz ugradylyp bilner. 2016-njy ýylda Gazagystan Merkezi Aziýa – ýakyn Gündogar (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) ulag geçelgesiniň taslamasyna goşuldy. Bu geçelge Merkezi Aziýa ýurtlaryna Pars aýlagynyň we Oman aýlagynyň portlary bilen amatly aragatnaşyk etmäge mümkinçilik berer.

Gümrük gullugy, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglary arkaly ýük geçirimleri we bilelikdäki maýa goýumlar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilermenleriň derejesinde öwrenilýär.

Meňzeş täzelikler

2014