Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa göterijileriň önümçilik möçberleri boýunça öňdäki orunlary eýeleýär — G.Berdimuhamedow

Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa göterijileriň önümçilik möçberleri boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde ýokary derejede geçirilen gepleşiklerden soňra köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edeninde aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, «biz döwrebap düzüme eýe bolmak bilen, Ýewropada we Merkezi Aziýada energetika hem-de ulag akymlarynyň işjeňleşmegine bolan umumy garaýyşlarymyzy beýan etdik».

Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen giň möçberli taslamalaryň hatarynda Gazagystanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny mysal getirmek bilen Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň ägirt kuwwatly serişdelere eýedigini nygtady.

Türkmenistan şeýle taslamalary öňe sürmek bilen, sebitiň döwletleriniň, biziň goňşularymyzyň Ýewraziýada energetika we ulag hyzmatdaşlygyna goşulmagynyň, bu ugurlary köpugurly esasda ösdürmegiň zerurlygyndan ugur alýar, diýip Prezident aýtdy.

«Özümiziň täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähli kuwwatlyklarymyzy mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen Lideri sebit hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi. TOPH gaz geçirijisiniň göz öňünde tutulýan ugurdaş düzümine demir we awtomobil ýollar, elektrik geçiriji ulgamlar, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary we beýleki zerur desgalar girýär. Şeýle sebit ähmiýetli taslamalara bu ulgamlarda uly tejribesi bolan Gazagystan hem gyzyklanma bildirýär.

Meňzeş täzelikler

2014