«Türkmengaz» TOPH gaz geçirijisi üçin enjamlary satyn almak we kompressor stansiýasyny gurmak boýunça potratçylaryň deslapky bahalandyrmasyny geçirer

«Türkmengaz» DK gyzyklanma bildirýän potratçylary we firmalary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegi üçin enjamlary, materiallary satyn almak we kompressor stansiýasyny gurmak boýunça halkara söwda geleşikleriniň şertlerine laýyklygy deslapky bahalandyrmaklyga gatnaşmaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Hökümeti TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça hyzmatlaryň bahalaryny tölemek üçin Yslam ösüş bankyndan kredit serişdelerini almak üçin arza berdi we ol bu kreditiň bir bölegini şertnamanyň esasynda gaz geçirijiniň gönüleýin bölegi üçin enjamlary satyn almak, gaz geçirijiniň kömekçi enjamlary satyn almak we awtomatlaşdyrmak, kompressor stansiýasyny taslamalaşdyrmak we dolulygyna gurmak üçin tölegleri geçirmäge sarp etmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

Hususan-da, potratçylaryň we firmalaryň üç lota laýyk gelmegi boýunça deslapky bahalandyrmany geçirýär. Olaryň hatarynda, 214 kilometrlik gaz geçirijiniň gönüleýin bölegi üçin enjamlary satyn almak; 214 kilometrlik gaz geçiriji üçin kömekçi enjamlary satyn almak we awtomatlaşdyrmak; kompressor stansiýasyny taslamak we dolulygyna gurmak. Bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri aşakda görkezilen lotlaryň birine ýa-da birnäçesine gatnaşyp biler.

Garaşylyşy ýaly, teklipleri bermek boýunça çakylyklar 2017-nji ýylyň iýunynda ugradylar.

Şertlere laýyk gelmek boýunça deslapky bahalandyrma Yslam ösüş bankynyň harytlary satyn almak we işler boýunça Gözükdirmesinde görkezilen deslapky bahalandyrma çärelerine laýyklykda geçiriler we oňa ýokarda ýatlanylyp geçirlen Gözükdirmede ady agzalan döwletlerden ähli potratçylar gatnaşyp biler.

Gyzyklanma bildirýän taraplar «Türkmengaz» DK ýüz tutup, goşmaça maglumat alyp bilerler.

Öň habar berlişi ýaly, 2016-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyk iş banky YÖB bilen TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça umumy bahasy 700 million amerikan dollaryna barabar bolan ylalaşyga gol çekdi.

«Türkmengaz» DK TOPH gaz geçirijisini gurmak we ulanmak boýunça TAPI Pipeline Company Limited konsorsiumynyň lideri bolup durýar. Konserne şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, pakistan Inter State Gas Systems (Private) Limited we hindi GAIL kompaniýalary girýär.

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy we häzirki wagtda bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy eýýäm üç döwletiň çäginde amala aşyrylýar. 2017-nji ýylyň martynda Pakistanda gaz geçirijiniň taslamasynyň deslapky taslamalaşdyrmasyny işläp düzmek boýunça işler başlandy. 2017-nji ýylyň fewralynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Owganystanyň çäklerinde barlag işlerini geçirmeklige badalga berildi.

Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1814 kilometre barabar bolup, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden 214 kilometri, Owganystanyň çäklerinden 774 kilometri, Pakistandan 826 kilometri geçip Hindistan bilen serhetleşýän Fazilka ilatly nokadyna ýeter.

TOPH gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaza barabardyr. Gaz geçirijiniň gurluşygyny 2019-njy ýylyň ahyrynda tamamlap, ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014