«Türkmengaz» tejribeli konsalting kompaniýalaryny TOPH taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

«Türkmengaz» tejribeli konsalting kompaniýalaryny TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Gyzyklanmalary bilrmek hakynda degişli habarnama biziň saýtymyzda «Tenderler» bölüminde neşir edildi.

Türkmenistanyň Hökümeti TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça hyzmatlaryň bahalaryny tölemek üçin Yslam ösüş bankyndan kredit serişdelerini almak üçin arza berdi we ol bu kreditiň bir bölegini şertnamanyň esasynda maslahat beriş hyzmatlaryna sarp etmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

Bu hyzmat gurluşyk gözegçiligini we TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň bütin döwründe desgalaryň gurluşygyna professional tehniki gözegçilik etmegi öz içine alýar.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar özleriniň maslahat beriş işleri boýunça hyzmatlary bermek talaplaryna doly laýyk gelýändigine şaýatlyk edýän anyk maglumatlary hödürlemelidirler (broşýuralar, şuňa meňzeş hyzmatlary ýerine ýetiren ýazgylary, şular ýaly şertlerde işlän degişli tejribesi, işgärler düzüminde degişli endikleriň bolmagy we ş.m.)

Tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin şu aşakdaky ugurlarda iş tejribesiniň bolmagy minimal talaplardyr:

1. Kompaniýa barada maglumat (kompaniýa barada doly maglumatly bukja, esasy iş ugry we telekeçilikdäki iş stažy, maliýe mümkinçilikleri we rezerw kuwwaty, guramanyň strukturasy, esasy işgärleriniň umumy hünär taýýarlygy we sany).

2. Şuňa meňzeş hyzmatlary bermekde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde iş tejribesi (gözegçilik etmek tejribesi, tehniki we dolandyryjylyk mümkinçilikleri, şuňa meňzeş işleriň jikme-jik beýan edilmesi, şuňa meňzeş şertlerde iş tejribesi, broşýuralar);

3. Hünär derejesi barada degişli resminamalary görkezmek (Rugsatnama, sertifikatlar we ş.m.)

Konsalting kompaniýalary Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirmegiň ýollary arkaly maslahatçylaryň hyzmatyndan peýdalanmak boýunça 2009-njy ýylyň maýyndaky, 2012-nji ýylyň fewralyndaky goşundydaky Kadalarda görkezilen çärelere laýyklykda saýlanyp alnar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar «Türkmengaz» DK-dan goşmaça maglumat alyp bilerler.

Hyzmatlary bermek boýunça teklipler 20.05.2017 seneden gijä galman tabşyrylmalydyr.

Häzirki wagtda «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasy iri möçberli taslama gatnaşmaga isleg bildirýän ähli taraplar bilen işjeň gepleşikleri alyp barýar.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň üstünlik durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji diňe bir eksport ediji döwlet üçin däl, eýsem üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin ykdysady bähbitlidir. Şeýle hem TOPH dostlukly Owganystanda parahatçylygy we ykdysady ösüşi berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Meňzeş täzelikler

2014