Nebitiň bahalary gymmatlaýar: Brentiň barreli – 51,63 dollar, WTI – 48,62 dollar

15-nji maýda 07:51 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly demirgazykdeňiz

nebit garyndysynyň iýuldaky fýuçersleriniň bahasy 1,55 göterim ýokarlanyp,

barrel üçin 51,63 dollara ýetdi. WTI kysymly nebitiň iýundaky fýuçersleriniň

bahasy 1,63 göterim ýokarlanyp, barrel üçin 48,62 dollara barabar boldy, diýip Rus

nebitgaz agentligi habar berýär.

Öňräk, iki ýurduň energetika ministrleri Aleksandr Nowak bilen Halid al-

Falihiň bilelikdäki beýannamasynda bellenilişi ýaly, RF we Saud Arabystany 24-

25-nji maýda Wenada geçiriljek duşuşykda nebiti çykarmaklygy çäklendirmek

boýunça ylalaşygyň möhletini 9 aý – 2018-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaltmagy

teklip ederler. Ylalaşygyň möhletini uzaltmak meselesi 24-nji maýda gözegçilik

komitetiniň ministrleriniň duşuşygynda maslahatlaşylar. Soňra bolsa 25-nji maýda

OPEC we oňa girmeýän döwletleriň duşuşygynda maslahatlaşylar.

Soňrak al-Falihiň we Nowagyň tassyklamagyna görä, döwletler nebitiň

çykarylyşyny çäklendirmek boýunça wena ylalaşygynyň möhletini häzirki hereket

edýän şertlerde uzaltmagy teklip edýärler.

«Saud Arabystany we Russiýa birek-birek bilen ýakyn hyzmatdaşlykda

işleýärler. Görnüşi ýaly, Saud Arabystany nebitiň bahalaryny ýokarlandyrmak

isleýär...» diýip Reýter agentligi Strong Petroleum kompaniýasynyň nebit söwdasy

boýunça dolandyryjy direktory Oýşteýn Berenseniň (Oystein Berentsen)

aýdanlaryny getirýär.

OPEC ýurtlary 2016-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky mejlisinde nebitiň

çykarylyşyny 1,2 million barrel azaldyp, günde – 32,5 million barrele çenli

çäklendirmegi ylalaşdy. OPEC-e girmeýän döwletler 10-njy dekabrda nebit

çykarmaklaryny günde jemi 558 müň barrel, şol sanda Russiýa 300 müň barrel

möçberde çäklendirmegi ylalaşdy. Ylalaşyk möhletini uzaltmak mümkinçiligi

bilen ýylyň birinji ýarymy üçin baglaşyldy, diýip Praým ýatladýar.

Meňzeş täzelikler

2014