ÝET-niň 2017-nji ýylyň 4 aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda nebitgaz

toplumynyň 2017-nji ýylyň geçen dört aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan

hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew,

«Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet

konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň

nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we

pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň

ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler, şeýle hem 2017-nji ýylda meýilleşdirilen

meýilnamalar dogrusynda hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, hasabatlarda

gaz we nebit ýataklaryny gözlemäge gönükdirilip geçirilen gözleg-barlag işleri, 2D

we 3D seýsmiki barlaglar, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň

çäreleri, gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak dogrusynda maglumatlar

aýdyldy.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz

geçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işleri

bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Degişli işler taslama gatnaşyjy beýleki döwletler tarapyndan hem alnyp

barylýar. «TAPI Pipeline Company Limited» taslama gatnaşmaga gyzyklanma

bildirýän ähli taraplar bilen işjeň gepleşikleri alyp barýar. Kompaniýa

paýnamalaýyn gatnaşmak, taslama maliýeleşdiriş, halkara ösüş banklarynyň we

dünýäniň eksport-kredit agentlikleriniň üsti bilen maliýeleşdirmek ýaly meseleler

öwrenilýär.

Mundan başga-da, maslahatda ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün

edilişi, ondan howpsuz we tygşytly peýdalanylyşy, şeýle hem onuň sarp edilişini

ölçeýän hasaplaýjylaryň oturdylyşy barada habar berildi.

Maslahatyň barşynda wise-premýer Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen

mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň

parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň öňüni almak boýunça anyk

tabşyryklar berendigine ünsi çekdi.

Wise-premýer M.Babaýewiň habar berşi ýaly, hukuk goraýjy edaralarynyň

nebitgaz toplumynyň ähli edara-kärhanalarynda geçiren derňewleriniň netijesinde

ýolbaşçy wezipelerini eýeleýän işgärleriň arasynda parahorluk we korrupsiýa

ýagdaýlary ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, şular ýaly jenaýatçylyga baş

goşan adamlara türkmen jemgyýetinde ornuň ýokdugy barada bellenildi. Wise-

premýer ähli ýolbaşçylara şular ýaly ýagdaýlary düýbünden ýok etmek boýunça

degişli çäreleri görmekligi tabşyrdy.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer Maksat Babaýew ýurduň

ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap,

Prezidentiň öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine

ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014