Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri Aşgabatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ulag ulgamynda

hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin

türkmen paýtagtyna gelen hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy

geçirilýär. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň degişli

ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri

gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet

gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça

döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka

döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak

bolup durýar.

Bu duşuşyk türkmen tarapyndan teklip edilen Hazar deňzinde ulag ulgamynda

hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy boýunça netijeli pikirleriň alşylmagyny we

bilermenleriň nukdaýnazalaryny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar. Täze

düzgünler we kadalar hazarýaka döwletleriniň arasynda ýükleriň we ýolagçylaryň

geçirilmegini kadalaşdyrylmagyny, infrastrukturanyň ösdürilmegini, ähli gatnaşyjylaryň

gyzyklanmalaryny göz öňünde tutýan takyk kadalaryň bellenilmegini wezipe edinýär,

diýlip DIM-iň habarynda aýdylýar.

Hazar sebitleýin ulag-logistika merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýan Hazar

deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip

taýýarlanylmagy Hazaryň mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmaga

gönükdirilendir. Bu bolsa kenarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady

gatnaşyklaryň giňelmeginiň, şeýle hem dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini

döreder.

Bu gün sebit maslahaty öz işini tamamlar.

Meňzeş täzelikler

2014