Moldowanyň Prezidenti sentýabr aýynda Türkmenistana sapar bilen geler

Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon sentýabr aýynda resmi sapar bilen

Türkmenistana geler. Bu barada ol duşenbede Feýsbukda öz sahypasynda ýazypdyr, diýip

Interfaks habar berýär.

I.Dodonyň aýtmagyna görä, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada

gelip görmek baradaky çakylygyny Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri

Raşid Meredow berdi. R.Meredow Kişinýowa sapar bilen gelen wekiliýete ýolbaşçylyk

edýär. onuň düzümine ýurduň ýolbaşçylarynyň, telekeçilik birleşiginiň wekilleri,

medeniýet işgärler girýär.

«Moldowa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem dürli ugurlarda,

ilkinji nobatda oba hojalygynda, energetika ulgamynda we medeniýetleriň özara gatnaşygy

ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdyk» diýip I.Dodon

aýdýar.

Onuň habar bermegine görä, duşenbe güni türkmen wekiliýetiniň wekilleri ýurduň

sebitlerinde birnäçe duşuşyklary geçirerler.

«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduna gelip görmek

baradaky çakylygyny uly höwes bilen kabul etdim. Meniň Türkmenistana saparyň şu

ýylyň sentýabr aýynda bolar. Moldowa-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly

mümkinçilikler bar. Biz Günbatarda bolşy ýaly, Gündogarda hem hyzmatdaşlarymyz bilen

gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeldýäris» diýip ol belledi.

Sişenbede Türkmenistanyň wekiliýeti Gagauz awtonomiýasynda bolarlar. Moldowa

saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Wulkaneşt etrabynyň Çişmikoý gagauz obasynda döwrebap çagalar bagyny gurduryp

berjekdigini aýtdy. 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna 2015-nji ýylda başlanyp,

2016-njy ýylyň ahyrynda tamamlandy, diýip habarlar agentligi aýdýar.

Belläp geçmeli zatlaryň biri, 2016-njy ýylyň sentýabrynda Moldowanyň täze

bellenen Ilçisi Ruslan Bolboçan bilen Türkmenistanyň DIM-inde bolan duşuşykda söwda-

ykdysady, energetiki we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle hem iki

ýurduň işewür wekilleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmagyň meseleleri

maslahatlaşyldy.

Meňzeş täzelikler

2014