ÝHHG Türkmenistanyň wekilleri üçin energiýanyň durnukly çeşmeleri boýunça Awstriýa okuw-tanyşdyryş saparyny gurnady

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Mary şäherindäki Türkmenistanyň döwlet

energetika institutynyň wekilleri üçin energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden

peýdalanmagyň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmak boýunça Wena okuw-

tanyşdyryş saparyny gurnady, diýlip ÝHHG-niň press-relizinde habar berilýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Tuln oba hojalyk kollejine

we Bruk-an der-Laýtdaky Energetika parkyna, şeýle hem şol ýerde ýerleşen biogaz

desgasyna baryp gördüler. Bu ýerde ýel we Gün energiýasyndan energetika

alynýar. Sapara gatnaşyjylar kollejde okuw maksatnamasyny we okadylyş usulyny

maslahatlaşdylar hem-de dikeldilýän energiýa öndürmek boýunça hereket edýän

desganyň işi bilen tanyşdylar. Energiýadan netijeli peýdalanmaklyga aýratyn üns

berildi.

Saparyň soňky gününde wekiliýet durnukly energiýa ulgamlary boýunça

UNIDO maslahatyna gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde durnukly energiýa,

klimat bilen ösüşiň arabaglanyşygy, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň

ählumumy derejede ýerine ýetirilişi we Pariž ylalaşygy ýaly meseleler boýunça

maslahat edildi.

«Durnukly, innowasion we ygtybarly energiýa geçirijilerini üpjün etmek

energetika howpsuzlygy, durnuklylyk we ykdysady ösüş üçin örän möhümdir.

Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanýan döwletleriň sanynyň artýan

döwründe arassa we durnukly energiýa tygşytly geçişi üpjün etmek aýratyn

ähmiýete eýe bolýar. Biziň Merkezimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň energiýa

serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýar.

Durnukly energetika boýunça tejribe alyş-çalşygyna ýardam etmek bu maksada

ýetmäge uly goşant goşar» — diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy

Natalýa Drozd belledi.

Sapar ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Mary şäherindäki

Türkmenistanyň döwlet energetika institutyna berýän uzakmöhletleýin

goldawynyň çäklerinde gurnaldy. Şol goldaw öz içine energiýanyň dikeldilýän

çeşmeleri ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça Merkezi

döretmekligi alýar. Bu Merkez dikeldilýän energiýa ulgamynda akademikleriň we

hünärmenleriň tejribelerini öwrenmek üçin platforma bolup hyzmat eder.

Meňzeş täzelikler

2014