Balkan welaýatynyň deňizýaka şäheriniň Halkara howa menzilinde «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin Özbegistan Respublikasyndan gelen
çagalaryň uly toparyny garşylamak dabarasy boldy.
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Özbegistanyň
Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk
döwletiň wekiliýeti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň
başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren
telefon gepleşiginde teklip eden çakylygy boýunça geldi.
Şol telefon gepleşiginde milli Liderimiz Hazaryň ekologik taýdan arassa
türkmen kenaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej
toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistanyň okuwçylaryny dynç
almak üçin kabul etmäge taýýardygyny belledi. Ine, şu gün bolsa goňşy ýurduň
dürli sebitlerinden — Buharadan, Nowaýydan, Horezmden, Garagalpagystandan
bolan çagalaryň 100-e golaýy «Daýanç» çagalar sagaldyş merkezine ýerleşdi.
Awazanyň ýaş myhmanlaryna 25-nji maýa çenli dowam etjek dynç alyş
döwründe türkmen deňiz şypahanasy boýunça gyzykly gezelençler, aýdym-sazly
we sport çäreleri garaşýar. Mysal üçin, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça
ýaryşlar, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri, ýaş bilermenleriň bäsleşigi, edebi
agşamlar, ýörişler, gezelençler we beýlekiler garaşýar.
Türkmen tarapyndan çagalaryň kabul edilmegini we dynç almagyny —
ýurdumyzyň Bilim, Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet
komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Balkan welaýatynyň
häkimligi, TNGIZT hem-de ýurdumyzyň ýaş işjeňleri gurnadylar.