Biz milletimizi jebisleşdirmäge, dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyzy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýäris – Gurbanguly Berdimuhamedow

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň

şygryýet gününiň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX

maslahaty açyldy. Oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belleýär: « biz milletimizi jebisleşdirmäge, dünýä

türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy,

durmuş-ykdysady, medeni giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmaga döwlet syýasatynyň

möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris».

Prezidentiň belleýşi ýaly, «Dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-

da giňeldýäris, eziz doganlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi,

ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin, olara ähli zerur goldawy bereris».

«Ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik

we beýleki ugurlar boýunça doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürmek, milli baýlygymyz

bolan maddy we ruhy mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek babatynda Dünýä

türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi uly işleri alyp barýar» diýip Gutlagda bellenilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer

birleşiginiň abraýly halkara ynsanperwer guramalarynyň birine öwrülip, Russiýada,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Beýik Britaniýada, Hytaýda, Germaniýada, Fransiýada,

Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda,

Täjigistanda, Hindistanda, Eýranda, Owganystanda, Päkistanda, Birleşen Arap

Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda bölümleriniň hereket edýändigini belledi.

Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan doganlarymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy we

halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyzy hemişe

goldajakdyklaryna, Watan mukaddesligini hemişe belende galdyrjakdyklaryna hem-de ähli

tagallalaryny beýik maksatlara bagyş etjekdiklerine berk ynanýaryn diýip gutlagda

aýdylýar.

Meňzeş täzelikler

2014