Nebit arzanlaýar

Çarşenbe güni irden nebitiň bahalary aşaklaýar. Muňa Amerikanyň nebit

institutynyň (API) ABŞ-da «gara altynyň» ätiýaçlyklary baradaky maglumatlary

täsir edýär, diýip, Ria Nowosti habar berýär.

Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň iýuldaky fýuçersleriniň

bahasy 0,4 göterim aşaklap barrel üçin 51,25 dollara ýetdi. WTI kysymly nebitiň

iýundaky fýuçersleriniň bahasy 0,9 göterim aşaklap, barrel üçin 48,22 dollara

barabar boldy.

API-niň maglumatlaryna laýyklykda, ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary birdenkä

0,882 million barrel artyp, 523,4 million barrele ýetdi. Şol bir wagtda analitikler

ätiýaçlyklaryň 2,3 million azalmagyna garaşýardylar.

API-niň maglumatlaryna görä, ABŞ-da çig nebitiň ätiýaçlyk gorlary birdenkä

ýokary göterilenligi sebäpli Brent we WTI kysymly nebitiň bahalary aşaklady —

diýip, OANDA bazarynyň uly analitigi Jefri Halliniň (Jeffrey Halley) aýdanlaryny

Reýter getirýär.

Şol bir wagtda maýadarlar Halkara nebit agentliginiň sişenbede neşir edilen

maglumatlaryny ulanmaklaryny dowam edýärler. Agentligiň beýan edişi ýaly,

eger-de nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyň möhleti 2017-nji

ýylyň ikinji ýarymy üçin uzaldylaýan ýagdaýynda-da, onuň ätiýaçlyklary bäş ýylda

özüniň ortaça derejesine barman biler. OPEC-iň nebit çykarylyşyny çäklendirmek

bardaky ylalaşygyny 2018-nji ýyla çenli uzaltmagy möhüm ähmiýete eýedir —

diýip AB Bernstein-niň ady agzalmadyk analitikleriniň aýdanlaryny agentlik

getirýär.

Meňzeş täzelikler

2014