Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen

Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň Ministrler Kabinetiniň

Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň başlyklygynda Türkmen böleginiň

düzümi tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, hökümetara topar Türkmenistan bilen Pakistan

Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek

maksady bilen döredilýär.

Ýakynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Husseýniň

ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy

mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna

iberen gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Pakistan Türkmenistan bilen mundan

beýläk-de ähli ugurlar, şol sanda syýasy, energetika, medeni we beýleki pudaklar

boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýär.

Häzirki wagtda Aşgabat we Yslamabat uly mümkinçiligi bolan

hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda we

ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.

Netijede, ýurtlar TOPH (Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan) transmilli

gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşýarlar, Pakistana elektrik energiýasyny

ibermegiň täze ugurlaryny işläp düzmek boýunça taslamalary maslahatlaşýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014