V Aziýa oýunlarynyň atly ýörişi Mary welaýaty boýunça ýoluny dowam edýär

2017-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty

boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Mary

welaýaty boýunça ýollaryny üstünlikli dowam edýärler.

Ýakynda olar Mary şäherinde boldular. Bu ýerde olary il ýaşululary, etrabyň

bilim, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň işgärleri, şäher ýaşaýjylary

duz-çörek bilen garşy aldylar.

Uly sport oýunlarynyň buşlukçylarynyň gelmegi mynasybetli bu ýerde

medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli çykyşlar gurnaldy.

Dabaranyň barşynda atlylara dürli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýörişe gatnaşyjylar welaýat kitaphanasynyň binasyna ugradylar. Bu

ýerde olary il ýaşululary we kitaphana işgärleri, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri

boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetiren ýaş türgenler garşyladylar. Mundan

başga-da, Mary şäheriniň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri

tarapyndan «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan oýun görkezildi.

Soňra atly ýigitler welaýat baş bilim müdirligine ugradylar. Bu ýerde

myhmanlary sagalar döredijilik toparlary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni

beýan edýän çykyşlar bilen garşy aldylar.

Mundan soňra, atlylar Marynyň Döwlet energetika institutyna baryp gördüler.

ÝOM-yň mugallymlary myhmanlary okuwlaryň alnyp barlyşy we bu ýerde

döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.

Myhmanlar şeýle hem «Türkmeniň ak öýi» binasyna bardylar. Binanyň

öňündäki meýdançada hem döredijilik çykyşlary gurnaldy.

Soňra taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar öz ýollaryny dowam etdiler.

Meňzeş täzelikler

2014