Habarlaryň arhiwi ()

Türkmen gazbenzininiň ilkinji tapgyry Owganystana iberildi, eýýäm Ýewropadan sargytlar bar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda işe girizilen gaz benzinini öndürýän täze zawodyň önüminiň ilkinji tapgyryny ýurdumyzyň sarp edijilerine hem-de eksporta ugradylmagyna badalga berdi. EСО-93 kysymly benzin paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýangyç guýujy beketlerine ýetiriler. Şeýle hem demir ýol arkaly ekologiýa taýdan arassa ýangyç Owganystan Yslam Respublikasyna ugradylyp başlanyldy. Mundan başga-da, ýörite awtoulaglarda goňşy ýurda suwuklandyrylan gazyň...

Gazdan sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod işe girizildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçylary bilen toý bagyny kesdi we zawodyň dolandyryş merkezine bardy. Ekranda zawodyň aýratynlygyny, gazy düýpli gaýtadan işlemegiň we taýýar önümi çykarmagyň önümçilik işleriniň hemme tapgyrlaryny aýdyň görkezýän wideofilm görkezilýär. Bu...

«Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert — Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert bolup durýar. Ol milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyply bolmagyny, mynasyp hyzmatdaş hökmünde mertebesini berkidýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýädäki diplomatik abraýyny ýokarlandyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşynda belledi. — Biziň ykdysady...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeler maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýangyç çig malynyň çykarylýan...

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkmen Liderine aýdan mähirli salamyny ýetirdi. D.Tramp umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp,...

Türkmenistan we Rumyniýa birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Danuts Nekulaeskunyň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetiki, ulag we beýleki ugurlarda özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar....

Türkmenistanyň mekdep uçurymlarynyň ýene-de 10-sy Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alar

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» sebit gaz kompaniýasynyň gurnaýan bilim maksatnamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanyň mekdep uçurymlarynyň ýene-de 10-sy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetiniň talyplygyna kabul edilerler. Saýlama bäsleşiklerine Türkmenistanyň bäş welaýatyndan uly synpdaky okuwçylaryň 450 sanysy gatnaşdy. Bu tapgyrda uniwersitetiň we «Amyderýa» kompaniýasynyň wekilleri iki günlük synag we iňlis dilinde gürrüňdeşlik geçirdiler. Edil beýleki daşary...

Owganystanyň howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Aşgabatda TOPH we beýleki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenleriň pikirine...

OPEC+ duşuşygynyň öňüsyrasynda ylalaşygyň möhletini uzaltmak boýunça garaýyşlar bölündi

Gazagystan nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakynda OPEC+ ylalaşygynyň möhletini häzirki şertlerde uzaltmagyň tarapynda çykyş edýär. Bu barada 24-nji iýunda Gazagystanyň Energetika ministri K.Bozumbaýew Sankt-Peterburgda geçirilen Dünýäniň nebit geňeşiniň Geljekki liderleriniň 6-njy forumynyň dowamynda belledi, diýip Russiýanyň HBS-leri belleýär. Hususan-da, Bozumbaýewiň delillendirmegine görä, nebitiň bahalarynyň barreli üçin 60-70 dollar bolmagy amatlydyr, nebitiň bahalarynyň mundan beýläkki ýokarlanmagy bolsa, ABŞ-da...

Tatarystana saparyň netijeleri boýunça ýangyç-energetika, nebithimiýa, awtosenagat we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde nebithimiýa, awtomobil senagaty we ýokary okuw mekdepeleriň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara gol çekildi. Netijede «Türkmennebit» döwlet konserni bilen W.D.Şaşin adyndaky «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňüne tutýar. Türkmenistanyň himiýa pudagyny...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan...

«Türkmennebit» we «Tatneft» nebiti çykarmakda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar

«Türkmennebit» döwlet konserni we «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi, diýlip rus nebitkompaniýasynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär. Resminama Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 23-nji iýunda gol çekildi. «Gol çekilen resminama kompaniýalaryň arasynda «Türkmennebit» DK-nyň känlerinde «Tatneftiň» netijeli tehnologiýalaryny we başarnyklaryny peýdalanmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berýär. Hyzmatdaşlyk...

ABŞ-nyň täze ilçisi Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyna ýardam etmegi meýilleşdirýär

Ýakyn wagtda Amerikanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasyna ýolbaşçylyk etjek ABŞ-nyň täze ilçisi Metýu S.Klimow Türkmenistanyň gazynyň eksport bazarlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ählitaraplaýyn ýardam etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä The Diplomat saýtynda Wiktoriýa Klement analitik materialynda belleýär. Klimow Senatda eden çykyşynda Türkmenistanyň gazynyň eksport bazarlarynyň Hazar deňziniň şeýle hem Günorta Aziýanyň üsti bilen diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ählitaraplaýyn...

Türkmenistanyň Prezidenti Owadandepedäki zawodyň açylyş dabarasyny ýokary derejede gurnamagy tabşyrdy

Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawodyň işe giriziljek güni golaýlaýar. Öň habar berlişi ýaly, zawodyň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi 28-nji iýunda meýilleşdirilýär. Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda...

Gurbanguly Berdimuhamedow «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy – 2019» halkara sergileriniň meýdançalaryny synlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek  «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy – 2019» halkara sergileriniň pawilýonlary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Hazaryň innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi 880 inedördül metr meýdanda ýerleşer, daşary ýurt kompaniýalary üçin jemi 1332 inedördül metr bölünip berildi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly,...

2014