Habarlaryň arhiwi ()

Gyrgyzystanyň işewür toparlary Hazar ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler

Birinji Hazar ykdysady forumy: türkmen-gyrgyz işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança. Şu at bilen 19-njy iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky Döwlet komitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp geçirilen tegelek stol...

Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy bilen tanyşdy. Foruma görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda...

Fitch: 2019-njy ýylda nebitiň bahasy 65 dollara deň bolar

«Fitch» analitik neşiriniň nebitiň we gazyň bahalary boýunça täzelenen çaklamasynda bellenilişine görä, OPEC+ döwletleri üýtgeşmeler girizip, nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakyndaky ylalaşygyň möhletini 2019-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldarlar, diýip Trend TASS agentligine salgylanyp habar berýär. «Biziň pikirimizçe, OPEC+ ylalaşygy azyndan şu ýylyň ahyryna çenli uzaldylar. Ýöne onuň düzgünlerine üýtgeşmeler giriziler. Netijede, biz bazaryň, umuman alanyňda, deňagramly ýagdaýda...

Türkmenistan dizel ýangyjynyň daşary bazarlara iberilmegini düýpli artdyryp biler — Turkmen Petroleum

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň treýding düzümi bolan «Turkmen Petroleum» kompaniýasy 2019-njy ýylda dizel ýangyjynyň ukrain bazaryna iberilmeginiň 40 göterim artyp, 250-260 müň tonna ýetmegine garaşýar. Bu barada Odessada geçirilýän «Black Sea Petroleum Trading 2019» forumynda kompaniýanyň operasion menejeri Çaryguly Ýuwşanow belledi, diýip ORIENT enkorr saýtyna salgylanyp habar berýär. Forumyň tematikasy nebit önümleriniň deňiz arkaly...

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

16-17-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň...

TÜRKMEN POLIMERLERINE ISLEG ARTÝAR

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna uly möçberde polietilen ugradýan döwletleriň birine öwrüldi. Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumynyň önümleri ilkinji gezek geçen ýylyň güýzünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen satuwa çykaryldy hem-de Russiýanyň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Bilermenleriň pikirine görä, hut şu ýagdaý — Merkezi Aziýada täze polimer öndürijiniň peýda bolmagy Russiýa Federasiýasynda pes basyşly polietileniň importynyň...

Gyýanlynyň polipropileni «spanbond» materialynyň önümçiligi üçin çig mal bolar

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda «spanleýs» dokma däl materialynyň önümçiligini ýol goýmak meýilleşdirilýär, geljekde bolsa, «spanbond» tehnologiýasy boýunça sintetiki materiallary öndürmek maksat edinilýär. Häzirki wagtda Spunlace tehnologiýasy boýunça materiallary öndürmek boýunça kärhanany gurmak üçin potratçyny saýlamak boýunça bäsleşik geçirilýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. «Spanbond» materialyny öndürmek üçin çig mal hökmünde Gyýanlydaky...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy. Iki ýurduň Liderleri möhüm hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň we dürli ugurlarda...

Don boýundaky Rostowyň işewürleri Hazar ykdysady forumyna çagyryldy

Türkmenistanyň RF-däki (Astrahan ş.) konsuly Atadurdy Baýramow Donuň işewür toparynyň wekillerini 12-nji awgustda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Rostow welaýatynyň gubernatorynyň birinji orunbasary Wiktor Gonçarow bilen geçirilen duşuşykda bellenildi. — Biziň ýurtlarymyzyň umumy taryhy bar, özara hereketleriň baý tejribesi toplandy. Bu bolsa öz gezeginde bu...

OPEC duşuşygy iýulyň birinji hepdesinde geçirilip bilner

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň (OPEC) wekilleriniň duşuşygy iýul aýynyň başynda geçirilip bilner. Bu barada Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled al-Faleh Ýaponiýada geçirilýän energetika we ekologiýa ministrleriniň G20 duşuşygynda belledi, diýip TASS Reýter agentligine salgylanyp habar berýär. OPEC-iň nobatdaky duşuşygy hakyndaky soraga jogap bermek bilen, al-Faleh bu duşuşygyň «iýul aýynyň birinji hepdesinde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we...

Iýunyň ahyrynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod açylar

Häzirki wagtda 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu waka bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy barada habar berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de...

OPEC däl döwletlerinden nebit ibermeleri 2019-njy ýylda 1,9 mln b/g, 2020-de — 2,3 mln b/g artyp biler — HEA

OPEC-e girmeýän döwletlerden nebit ibermeleri 2019-njy ýylda günde 1,9 mln barrel, 2020-nji ýylda 2,3 mln barrel artyp biler, diýlip HEA-nyň aýlyk hasabatynda bellenilýär. Bu barada Interfaks habar berýär. Guramanyň hasaplamagyna görä, netijede 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde nebite bolan islegiň has ýokary ösmegine garamazdan, OPEC döwletlerinden oňa bolan isleg 2020-nji ýylda günde 29,3 mln barrele çenli aşaklap...

Oman aýlagynda tankerlere edilen hüjümden soňra nebit gymmatlamagyny dowam edýär

Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýçlenmegi netijesinde nebitiň bahalary penşenbe güni düýpli ýokarlanmadan soňra anna güni hem söwdanyň barşynda ýokarlanmagyny dowam etdi, diýip Interfaks habar berýär. Käbir analitikleriň çaklamagyna görä, ABŞ bilen Eýranyň arasynda dawanyň ulalmagy nebitiň bahalarynyň barreli üçin 7 dollara çenli artmagyna getirip biler, diýip MarketWatch habar berýär. Muňa garamazdan, beýleki bilermenler Oman aýlagyndaky ýagdaýyň bazara...

Türkmenistan we Singapur ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ýokary derejeli saparlary guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň türkmen-singapur gatnaşyklaryny...

2014