Habarlaryň arhiwi (2019-7-5)

Türkmenistan Hazar innowasion tehnologiýalar sergisine taýýarlyk görýär

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Awazada Hazar innowasion tehnologiýalar sergisini geçirmek meýilleşdirilýär, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurnaýar. Bu çäre şu ýylyň 12-nji awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýär. Serginiň çäklerinde Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Eýranyň milli diwarlyklaryny görkezmek, «Demirgazyk-Gündogar» we «Günbatar-Gündogar» halkara ulag geçelgeleri boýunça ýükleriň gatnawyny...

Türkmenistan we Polşa ýokary derejede duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen türkmen-polýak syýasy geňeşmeleriniň barşynda türkmen-polýak gatnaşyklarynyň ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň...

«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» forumy iri pudak kompaniýalarynyň top-menejerlerini ýygnar

Aşgabatda 22-23-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» ХХIV halkara maslahatyna dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň top-menejerleri gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu forumy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmennebit» döwlet konserni gurnaýar. CNPC, Dragon Oil, Petronas, Shell, Eni, NAPECO, Hyundai, Gazprom, Buried Hill, BP, Socar kompaniýalary Aşgabada öz wekillerini ibererler. Her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» pudaklaýyn...

2014