Habarlaryň arhiwi (2018-8-13)

Nebitiň bahalary durnuksyz: «Brent» - $72,62, «WTI» - $67,59

13-nji awgustda nebitiň bahalary bir depginde saklanmaýar. Moskwa wagty bilen 8:36-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,26 göterim aşaklap, 72,62 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,06 göterim pese düşüp, 67,59 amerikan dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtda dollaryň hümmetiniň berkidilmegi nebitiň bahalaryna goşmaça täsir edýär, çünki ol nebiti başga walýutasy bolan...

TOPH gaz geçirijisiniň bir şahasy Hytaýa hem ugrukdyrylyp biler

HHR Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Pakistanyň territotiýasyndan başlanýan bir şahasyny gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, diýip «Halkara gaz ulgamlary» (ISGS) pakistan döwlet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Mobin Saulat beýan etdi, diýip ORIENT agentligi Firstpost neşirine salgylanyp habar berýär. 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi...

Nobatdaky Hazar sammiti Türkmenistanda geçiriler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen duşuşygynyň netijesi boýunça kabul edilen jemleýji maglumatynda bellenilýär, diýip Orient habarlar agentligi habar berýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hä­zir­ki wagt­da Ha­zar deň­zi­niň äh­mi­ýe­ti onuň geog­ra­fi­k çäk­le­rin­den has giň ge­ri­me eýe­dir. Ol geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ryň mö­hüm...

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany kabul etdiler

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde V Hazar sammiti geçirildi. Onuň dowamynda Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­w, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent­i Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­da dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň hu­kuk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 17-si bellige alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz list aýnalar, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 532 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat...

2014