Habarlaryň arhiwi (2018-8-24)

«Awazada» Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi

Ýokary derejedäki mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Türkmenistanda döwlet sapary bilen bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Sammitiň başynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň çäkli görnüşdäki ýokary derejeli bäş taraplaýyn duşuşygy geçirildi. Soňra Sammit döwletleriň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam...

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň täzeçe çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurlygy barada ýurt Baştutanlary...

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn ýola goýulan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamy, suw diplomatiýasy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali...

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat  Mirziýoýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklarynyň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Bu ulgamda haryt dolanyşygynyň möçberlerini...

2014