Habarlaryň arhiwi (2018-8-28)

Waşington hazarýaka gazynyň Ýewropa iberilmegini goldaýar

Amerikan syýasatşynaslary Ýewropa Aziýanyň, hususan-da, hazarýaka sebitiniň tebigy gazynyň iberilmegi barada köp belleýärler. «Ýewropanyň Azerbaýjandan Italiýa geçýän Transadriatik gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldamagy gerek» diýip amerikan kongresmeni Dewin Nunesiň aýdanlaryny Ria Nowosti getirýär. Kongresmeniň pikirine görä, bu gaz geçiriji häzirki wagtda ýewropa bazaryna gaz ibermelerini diwersifikasiýalaşdyrmakda ýeke-täk usuldyr. Habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, bu taslamany esaslandyryjylar Transadriatik gaz geçirijisiniň...

Ilham Aliýew we Angela Merkel Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça soraglara jogap berdiler

Azerbaýjan Hazar deňziniň gündogar böleginden gazyň öz territoriýasy boýunça üstaşyr geçirilmek mümkinçiligine garamaga taýýar. Bu barada Prezident Ilham Aliýew belleýär, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Eger-de Hazar deňziniň gündogar böleginden Azerbaýjanyň üsti bilen dünýä bazarlaryna gaz ibermek çözgüdi kabul edilse, biz uly gyzyklanma bilen bu pikire goşularys» diýip I.Aliýew Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen bilelikdäki metbugat maslahatynda...

2014