Habarlaryň arhiwi (2019-6-17)

Don boýundaky Rostowyň işewürleri Hazar ykdysady forumyna çagyryldy

Türkmenistanyň RF-däki (Astrahan ş.) konsuly Atadurdy Baýramow Donuň işewür toparynyň wekillerini 12-nji awgustda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Rostow welaýatynyň gubernatorynyň birinji orunbasary Wiktor Gonçarow bilen geçirilen duşuşykda bellenildi. — Biziň ýurtlarymyzyň umumy taryhy bar, özara hereketleriň baý tejribesi toplandy. Bu bolsa öz gezeginde bu...

OPEC duşuşygy iýulyň birinji hepdesinde geçirilip bilner

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň (OPEC) wekilleriniň duşuşygy iýul aýynyň başynda geçirilip bilner. Bu barada Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled al-Faleh Ýaponiýada geçirilýän energetika we ekologiýa ministrleriniň G20 duşuşygynda belledi, diýip TASS Reýter agentligine salgylanyp habar berýär. OPEC-iň nobatdaky duşuşygy hakyndaky soraga jogap bermek bilen, al-Faleh bu duşuşygyň «iýul aýynyň birinji hepdesinde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we...

2014