Habarlaryň arhiwi (2018-11-1)

Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin okuw maslahaty tamamlandy

Şu gün Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, dünýäde iri nyrh agentlikleriniň biri bolan «Argus Media» britan kompaniýasynyň, şeýle hem «BP», «Shell», «Buried Hill» britan kompaniýalarynyň gurnan «Tebigy gazyň monetizasiýalaşdyrylmagynyň strategiýasy» atly iki günlük okuw maslahaty tamamlandy. Okuw maslahatynyň ikinji gününde hem iki sessiýanyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde «Argus Media» kompaniýasynyň öňdebaryjy analitigi Anastas Gatunok...

Aşgabatda türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki...

Bakuda ulag ulgamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan we Azerbaýjan...

2014