Habarlaryň arhiwi (2018-11-17)

AÖB CAREC ýurtlaryna maliýe ýardamyny berer, TOPH taslamasyny goldamagyny dowam eder

Penşenbe güni Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. Maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti...

Türkmenistandan Italiýa eksport 2018-nji ýylyň başyndan bäri üç essä golaý, Italiýadan import 50 göterim artdy – ilçi

2018-ni ýylyň başyndan bäri, Türkmenistandan Italiýa ugradylýan harytlar üç essä golaý, şol bir wagtyň özünde, Italiýadan getirilýän önümler 50 göterim artdy. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda eden çykyşynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ungaro belledi. D.Ungaronyň sözlerine görä, Türkmenistandan Italiýa iberilýän harytlaryň esasy bölegi — Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlan döwrebap zawodlarda öndürilen ýokary...

2014