Habarlaryň arhiwi (2018-11-7)

Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly bilen geçiren duşuşygynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Döwlet Baştutany ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän dostlukly...

Nebit ýene-de arzanlaýar: «Brent» - $72, «WTI» - $61,91

2018-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Moskwa wagty bilen 8:05-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,18 göterim pese düşüp, 72 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,48 göterim aşaklap, 61,91 amerikan dollaryna barabar boldy. Çarşenbe güni maýadarlar API-niň maglumatlaryna üns berdiler. Onda 2-nji noýabrda tamamlanan hepdede ABŞ-nyň harytlyk nebit ätiýaçlyklarynyň 7,8 mln barrel...

Russiýa TOPH taslamasyna gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenýär

Russiýa we Pakistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň we Eýran – Pakistan taslamasynyň gurluşygyna rus korporasiýalarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyklygynyň meselelerini öwrenýär. RF-iň HBS-leriniň habar bermegine görä, Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen geçiren duşuşygynda bellenilýär. Duşuşyk Şanhaýda geçirilen EKSPO-nyň çäklerinde boldy, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Rus...

2014