Habarlaryň arhiwi (2019-10-11)

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijesinde birnäçe möhüm resminama gol çekildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabat sammiti GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy bilen jemlenildi. Şolaryň hatarynda: GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi bar. Şeýle hem...

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini Owganystandaky ykdysady taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat esaslaryny döretmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady. Şu maksatlar bilen häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly...

Berdimuhamedow: GDA-da ykdysady işi işjeňleşdirmek üçin täzeçe çemeleşmeler zerur

Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täzeçe itergi bermegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belledi. Bilelikdäki tagallalar bilen ykdysady hem-de strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilendigini nygtap, Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kabul edilmeginiň GDA-da ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegine täze çemeleşmeleri...

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklygynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti...

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar birnäçe resminamalary ylalaşdylar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet...

2014