Habarlaryň arhiwi (2019-5-3)

Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň geçen dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow penşenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabatynda belledi. Hasabatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ähli pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi. Geçen...

Özbegistanda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Bu çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2019-njy ýylyň dört aýy boýunça işiniň netijeleri maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, habar berlişi ýaly, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň dört aýlyk meýilnamasy 103,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy...

2014