Habarlaryň arhiwi (2018-9-28)

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $81,41, «WTI» - 72,22

Nebitiň dünýä boýunça bahalary 28-nji sentýabrda ýokarlanmagyny dowam edýär. Moskwa wagty bilen 7:53-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,04 göterim ýokarlanyp, 81,41 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,14 göterim gymmatlap, 72,22 amerikan dollaryna barabar boldy. Nebitiň bahalarynyň gymmatlamagyna ABŞ-nyň Eýran boýunça çäklendirmeleriniň güýje girmeginiň ýakynlaşmagy hem täsirini ýetirýär. Eýran boýunça...

ÝB Türkmenistan bilen energetika we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryny berkitmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussela amala aşyrjak saparyny...

2014