Habarlaryň arhiwi (2019-6-13)

Türkmenistan we Singapur ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ýokary derejeli saparlary guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň türkmen-singapur gatnaşyklaryny...

Bakuda «tegelek stoluň» barşynda Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Azerbaýjan Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar we bu günki gün iki ýurduň gatnaşyklary ýokary dostluk ýagdaýynda saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp geçirilen «tegelek stolda» belledi, diýip Trend habar berdi. Ilçiniň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, aýratyn hem ulag we...

Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar. Bu barada iki döwletiň Liderleri çarşenbe güni Türkmenistanyň Lideri bilen Gazagystan Respublikasynyň täze Prezidenti bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ylalaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady...

2014