Habarlaryň arhiwi (2018-9-12)

SNGIZ eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebit önümlerini dünýä bazarlaryna eksport ediji iri kärhanalaryň biridir. Eýýäm çärýek asyr bäri çig nebitden we gaz kondensatyndan işlenip taýýarlanylýan benzin, dizel ýangyjy we mazut Döwlet haryt – çig mal biržasynyň üsti bilen Ýewropa we Aziýa döwletlerine satylýar. Şu ýyl bolsa ýokary hilli ýol bitumynyň müňlerçe tonnalary ilkinji gezek eksporta...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Žan-Lui Şlesser «Amul — Hazar 2018» rallisiniň ekologiýa derejesini nygtadylar

Ýaryşyň kwalifikasiýa bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti «Amul — Hazar 2018» taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan «Africa Eco Race» awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen söhbetdeş boldy. — Sport — bu hemişe gowy zatdyr, çünki ol halklary we ýurtlary jebisleşdirýär, munuň özi bütin dünýäde durnuklylyk we parahatçylykdyr. Şoňa görä-de, dürli ýurtlardan köp sanly türgenler gatnaşýan şu günki...

«Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň birinji güni tamamlandy

11-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisi badalga aldy. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažlar bu ýere özleriniň awtoulaglaryny getirdiler. Şondan köp wagt geçmänkä-de, hemmeler ýaryşyň badalga alýan ýerine bardylar. Şol ýerde prologa — kwalifikasion ýaryşa taýýarlyk görmek başlandy. Bu ýaryşda ralliniň birinji tapgyry...

2014