Habarlaryň arhiwi (2018-10-8)

Balkan welaýatynda gazhimiýa toplumynyň işe giriziljek senesi bellenildi

17-nji oktýabrda Balkan welaýatynda gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Täze toplum sebitde şunuň ýaly ilkinji desgadyr. Onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 381 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny we beýleki gymmatly önümleri öndürmäge mümkinçilik...

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $83,33, «WTI» - $73,81

2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 8:29-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,99 göterim aşaklap, 83,33 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,71 göterim arzanlap, 73,81 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ-nyň noýabr aýynda güýje girjek çäklendirmelerinde käbir satyn alyjylar üçin Eýrandan nebit import etmegiň şertlerini ýeňilleşdirmek mümkinçiligine kadadan çykma görnüşde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen telekeçiler tehniki kükürt (“Türkmengaz” DK), ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa tehniki uglerod (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler polipropilen haltalaryny hem satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, buýan köküniň...

6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçildi

6-njy oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarda Hatyr gününe bagyşlanyp çäreler geçirildi. Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi. Şol gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna ir säherden...

2014